BILIM

I halkara internet olimpiadasynyň netijleri yglan edildi

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikdäki gurnamagynda Iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Bu halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň şeýle hem Beýik Britanýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk respublikasynyň, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça daşary ýurtly talyplaryň jemi 30 sanysy ýeňiji bolup, şol sanda 7-si 1-nji oruna, 6-sy 2-nji oruna, 17-si 3 -nji orny mynasyp boldular.

Ata Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşan talyplaryň 99 sanysy ýeňiji bolup, olardan 20-si 1-nji oruny, 36-sy 2-nji oruny, 43 sanysy 3-nji orny eýelediler. Ýeňiji bolan talyplara degişli Diplomlar gowşuryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan-Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdy

Related posts

Talyplara tölegsiz esasda okamak ýeňilligi

Açyk gapylar: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişdiler