DÜNÝÄ

Hindistanda Diwali baýramy mynasybetli dünýä rekordy goýuldy

Hindistanyň Aýodhýa şäherinde “Yşyklar festiwaly” diýlip hem atlandyrylýan Diwali baýramynyň öňüsyrasynda täze dünýä rekordy goýuldy we ol Ginnes rekordlar kitabyna girizildi. “BBC”-niň habaryna görä, müňlerçe meýletinçi bir wagtda mukaddes hasaplanýan Sarýu derýasynyň kenarynda 2,6 million ýag çyrasyny ýakdylar.

“Rekord derejesindäki ýag çyralarynyň sany — 2,6 million — 19 oktýabrda, ýekşenbe güni, Demirgazyk Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatyndaky Aýodhýa şäherinde Diwali baýramynyň öňüsyrasynda ýakdylar. Bu görkezme Ginnes rekordlar kitabyna girizildi” diýlip, habarda aýdylýar.

Hindistanyň esasy baýramy bolan Diwaliniň öňüsyrasynda bu ýag çyralary däp boýunça ýakylýar. Bu baýram “Hindi täze ýyly” hem diýlip atlandyrylýar. Bu ýyl ol 20-nji oktýabrda bellenýär.

Diýa — kiçi ýagly çyradyr, ol Diwali baýramynyň öň ýanynda küýzegärler tarapyndan köpçülikleýin ýasalýar. Olaryň ululygy eliň ölçeginden uly däldir. Şeýle ýag çyralarysyz öý ýok diýen ýaly, sebäbi olaryň ýagtysy bir ýylyň dowamynda obalary hem-de şäherleri erbet ruhlardan goramaly diýlip hasap edilýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy