DÜNÝÄ

Halkara atom energiýasy agentligi bilen tehniki hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar

Türkmenistanyň goranmak ministriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) baş direktorynyň orunbasary, tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Hua Liu bilen duşuşyk geçirdi.

IAEA-iň baş binasynda geçen duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarynda alnyp barylýan işler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda, Türkmenistan bilen Agentligiň arasyndaky Ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy, tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerindäki milli taslamalaryň durmuşa geçirilişi we Agentligiň Radiasiýa howpsuzlygy babatynda maglumatlary dolandyryş tor ulgamy (RASIMS) bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Related posts

Dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusy ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

Merkezi Aziýanyň ilçileri ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Hazarýaka döwletleriniň konsullary Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy

Leave a Comment