MEDENIÝET

GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär

GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň medeni alyş-çalyş hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri, GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň depgini bilen birlikde, medeni özara hereketler ulgamyndaky beýleki derwaýys meseleleriň ençemesine seredildi.

Işjeň pikir alyşmalaryň barşynda ynsanperwerlik ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň özboluşly şerti bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ulgamyndaky integrasiýany hemmetaraplaýyn goldamak bilen, medeniýet ugry boýunça Arkalaşygyň çäklerinde medeni ulgamdaky özarahereketleriň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürýändigi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Şunlukda, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň Döredijilik intelligensiýasynyň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň Binagärlik we gurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu ýylyň çäklerinde köpsanly tematiki çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy