SPORT

Fransiýanyň 9 gezek çempiony Katarda oýnar

Kataryň “Al-Arabi” topary Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde 9 gezek Fransiýanyň çempiony bolan italýan futbolçy Marko Werrati bilen şertnama baglaşdy.

Katar topary 30 ýaşly italiýaly futbolçy üçin 45 million ýewro töledi. Futbolçy Kataryň toparynda her ýyl 30 million ýewro gazanar. Onuň şertnamasynyň möhleti 2026-mjy ýylyň iýunynda tamamlanar.

2012-nji ýyldan bäri “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýän Weratti 416 duşuşykda 11 gol geçirdi. Ýöne ol toparyň orta gürpüniň esasy futbolçysy boldy we topar bilen 9 gezek çempion bolmagy başardy.

Related posts

«Barselona» topary Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Matuidi Amerika barýar

Milli ýygyndylar boýunça iň gowy tälimçi boldy

Ata Watan Eserleri