MEDENIÝET

Ekranlaryň gahrymany aradan çykdy

Çadwik Boseman hakykatdanam ekranlaryň ýyldyzydy. Boseman 2018-nji ýylda döredilen “Marvel” filminde “Gara pantera” rolunda Afrika şasy we super gahryman hökmünde baş keşbi janlandyrdy. Bu aktýor içegede emele gelen düwnük keseli zerarly 43 ýaşynda aradan çykdy.

2016-njy ýylda “Amerikanyň kapitany: raýat urşy” filminde ilkinji gezek oýnan T’Challa / Gara Panter hökmünde Boseman öz ykbalyny tapan ýaly boldy. Ol Gara utopiýa öwrülen toslamasynda  Wakandanyň lideri hökmünde häsiýetlendirildi. Wakandada tehnologiýa we ylym afrikalylar tarapyndan ösdürilýär, sebäbi afrikalylaryň söweşlerinde diňe bir batyrgaýlyk bilen bileklerini däl, eýsem, beýnilerini hem ulanyp ýeniş gazanyp bilýärler. Boseman şular ýaly filmiň medeni täsiriniň, garaýagyzlaryň deňlik ugrundaky göreşi hiç haçan gutarmajak ýaly görünýän döwründen gelýändigini bilýärdi.

 

Related posts

Şa zenany Diananyň köýnegi satyldy

Ata Watan Eserleri

Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Eýranyň Medeniýet günleri we ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler