JEMGYÝET

Dünýäde iň uly mör-möjek kärhanasy gurulýar

Fransiýanyň «Ynsect» kompaniýasy Amýen şäherinde dünýäde iň uly mör-möjek kärhanasynyň gurluşygyna girişdi. Bu ýerde her ýyl 200 müň tonna mör-möjek ýetişdiriler. Olar oba hojalyk pudagy üçin peýdaly mör-möjeklerdir.

Täze önümçiligiň üçden bir bölegi suw we oba hojalygynda, galan bölegi bolsa dökün önümçiliginde ulanylar. Guruşyk şu ýylyň ahyrynda tamamlanar.

Täze taslamanyň amala aşyrylmagy bilen iş orunlarynyň ýene-de 500-si dörediler.

Kompaniýa ýakynda Niderlandlar Ptyşalygynyň «Protifarm» mör-möjek kompaniýasynyň maýalaryny satyn alypdy. «Ynsect» edil şeýle kärhanany ýayn geljekde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa Amýen şäherinde 2040-njy ýyla çenli düzüminde 1,8 million agaç bolan tokaýy ýetişdirmegi maksat edinýär.

 

Premýer ministr öýlenýär

 

 

 

Related posts

‘Afrobeatyň kakasy’ Toni Allen aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy

Ata Watan Eserleri

Somali Türkmenistana ilçi belledi