SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Türkmen garyşyk söweş sungaty boýunça türgen Döwletjan Ýagşymyradow (25-8-1) 16-njy aprelde “Professional Fighters League” guramasynyň Belfast şäherinde geçiriljek ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro (10-5) bilen duşuşar. Tutluşyk orta agram derejesinde meýilleşdirildi. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-da başlanar.

Häzirki liganyň reýtinginde Ýagşymyradow ikinji orny eýeleýär, Pedro bolsa sekizinji ýerde ýerleşýär. Awstraliýaly türgen üçin bu tutluşyk PFL-däki ilkinji çykyş bolar — ol iki ýyl ozal “Ultimate Fighting Championship” guramasyndan gidenden soň sport karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edipdi.

PFL-niň orta agram derejesindäki häzirki çempiony amerikaly Kori Anderson (20-6, 1 NC) bolup, ol 2025-nji ýylyň oktýabrynda Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynda geçirilen titul söweşinde Ýagşymyradowy eminleriň çözgüdi bilen ýeňipdi.

Türkmen türgeni dürli ýyllarda ACB we ACA guramalarynyň çempiony boldy, şeýle hem 2024-nji ýylda PFL-niň ýarym agyr agram derejesinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda ýeňiji boldy.

Ýagşymyradow bilen Pedronyň tutluşygyny “Belet” platformasynda tomaşa etmek mümkinçiligi bar. Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-dan başlap göni ýaýlymda platformanyň sport ýaýlymlaryny görmek üçin döredilen «Premium» abunalygy arkaly elýeterli bolar.

Related posts

“Liwerpul” kubok ýaryşyndan çykdy

«Altyn Asyr» topary Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

Maunt “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzümine goşuldy