JEMGYÝET

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýaniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşan maslahatynyň çäklerinde, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryny doly taýýar etmek şerti bilen şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Resminama «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň başlygy Du Ýumin tarapyndan gol çekildi.

«Galkynyş» käni dünýädäki iň iri gaz känleriniň biri bolup, Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini üpjün etmekde möhüm orun tutýar. Onuň tapgyrlarynyň yzygiderli özleşdirilmegi uzak möhletleýin türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda «Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri