SPORT

Norwegiýanyň gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky nobatdaky rekordy

Norwegiýa ýygyndysy 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda medallaryň sanawynda ýeňiş gazanyp, bu üstünligi 11-nji gezek gaýtalady.

Italiýada geçirilen oýunlarda norwegiýalylar hem altyn medallaryň sany, hem-de umumy medal sany boýunça Olimpiada rekordyny täzeledi. Toparyň hasabynda jemi 41 medal bar: 18 altyn, 12 kümüş we 11 bürünç. Şeýlelikde, olar dört ýyl mundan ozalky görkezijilerini (16 altyn we jemi 39 medal) geçmegi başardylar.

Şeýle hem  Norwegiýa resmi däl medal sanawynda 1924, 1928, 1936, 1948, 1952, 1968, 2002, 2014, 2018 we 2022-nji ýyllarda ýeňiş gazanypdy.

Sekiz Olimpiadada bolsa SSSR/Russiýa ýygyndysy öňdeligi eýeläpdi (1956, 1960, 1964, 1972, 1976, 1980, 1988, 1994). Dört gezek GDR/Germaniýa (1984, 1992, 1998, 2006), bir gezek ABŞ (1932) we bir gezek Kanada (2010) ýeňiji boldy.

Milan we Kortina-d’Ampezzo şäherlerinde geçirilen oýunlarda ikinji orny ABŞ ýygyndysy (12-12-9) eýeledi. Üçünji orny bolsa Niderlandlar (10-7-3) aldy.

Soňky Olimpiada bilen deňeşdirilende iň uly ösüşi Italiýa görkezdi: Pekinde 13-nji orny eýelän topar (2-7-8) öz ýurdunyň meýdançasynda bäşinji orna çykdy (10-6-14). Hytaý bolsa tersine, öňki dördünji orundan 12-nji orna çenli aşaklady (5-4-6).

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri