BIZNES

Birža täzelikleri: gruzin işewürleri nebit önümlerini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügidir nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 5 million 400 müň manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy