DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy KARL III Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Beýik Britaniýanyň Patyşasy hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Ählumumy meseleleri çözmekde bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirýärin.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde KARL III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde saýlanmagy mynasybetli gutlag hatynda iberipdi.

KARL III Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykandan soňra Beýik Britaniýanyň patyşasy boldy.

Related posts

Oskar baýragy hakynda şatlykly habar

Türkiýäniň elektrikli ulagy geografiýasyny giňeldýär

Wladimir Putin 71 ýaşyny belleýär

Leave a Comment