DÜNÝÄ

Baýraktar TB2 :ilkinji gezek harby -okuw meýdan türgenleşiginde 

Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam ilkinji gezek Türkmenistanda harby-okuw meýdan türgenleşigine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen harby-okuw meýdan türgenleşigine «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylýandygyny bellemeli.

Türgenleşigiň dowamynda bu uçarmansyz uçaryň söweşjeň mümkinçilikleri, onuň howa giňişligindäki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasy arkaly ekrana çykarylýar. Täze söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň kömegi bilen radiolokasiýa bekedini aňladýan nyşanany ýok etmek ugruna girýär we raketasyny gönükdirýär. Radiolokasiýa beket nyşany 5 müň metr beýiklikden we 8 müň metr uzaklykdan takyklyk bilen ýok edilýär.

Related posts

BM Türkmenistan Daimi Temsilcisi ile görüşme

vepa

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi

Leave a Comment