DÜNÝÄ

Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.

Şol maksat bilen-de 2024-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 2024-nji ýylyň 21-nji martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry ýola goýulýandygyny habar berýäris.

Related posts

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler

Owganystana goňşy ýurtlaryň ministrler duşuşygy

Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy ädimine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri