JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ÝUNIDO möhüm resminama gol çekdi

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) baş direktory Gerd Müller bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow esasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Bu tehniki üpjünçiligiň şertlerini kesgitleýän möhüm resminama bolup, guramanyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

– Hyzmatdaşlygymyzdaky bu möhüm ädim ÝUNIDO bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirer we täze anyk tehniki hyzmatdaşlyk işlerine ýol açar diýip ynanýaryn – diýip, türkmen tarapy belläp geçdi.

Ylalaşygyň esasy maksady, hyzmatdaşlyga hukuk binýadyny güýçlendirip, senagaty ösdürmek we guramanyň umumy netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hökümete mundan beýläk-de kömek etmekdir.

Mülleriň bellemegine görä, hyzmatdaşlygyň esasy şertnamasy häzirki we geljekdäki işler üçin berk kanuny esas döreder we bilelikdäki başlangyçlar ugurlary giňeltmäge kömek eder.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň esasy şertnamasyna gol çekilmegi, “akylly şäher” çemeleşmesine ünsi çekip, esasanam durnukly şäher ösüşi pudagynda täze başlangyçlara ýol açýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi