DÜNÝÄ

Putin Serdar Berdimuhamedowa “Dostluk” ordenini gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Şonuň dowamynda Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine “Dostluk” ordenini gowşurdy.

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine bu ýokary sylag bilen sylaglamak hakyndaky Karara maý aýynda gol çekipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy” üçin bu ýokary sylag bilen sylaglandy.

 

Putin Türkmenistana sapar bilen geler

Related posts

Türkiýe bilen BAE 50 milliardlyk ylalaşyk baglaşdy

Aşgabatda «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Wepa Hajiýew BMG-däki wezipesine girişdi