DÜNÝÄ

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolýar

Şu gün, Aşgabat şäherine iş saparynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Rustam Minnihanow duşuşygyň barşynda milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.  Döwlet Baştutanymyz hem duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda Tatarystan aýratyn orny eýeleýär. Şeýle hem milli Liderimiz Tatarystanyň Prezidentine Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň Kazanda geçirilen mejlisine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Rustam Minnihanow öz gezeginde iki ýurduň Prezidentleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň sebit derejesinde has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýändigini belledi.

Ol bu babatda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasyýasynyň Prezidentlerine minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiligimiziň bardygyny belledi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ähmiýetini belläp geçdiler.

 

Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Related posts

Vladimir Putin’den Zafer Bayramı Kutlaması

vepa

«Tokio Olimpiýa oýunlary» geçiriljek wagty mälim edildi

Ata Watan Eserleri

Uluslararası İpek Yolu Rallisi düzenlenecek

vepa