DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Komitetiň altynjy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda hususanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk, Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.

Related posts

Türkmen hacı adayları kutsal topraklara gitti

vepa

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Aşgabatda ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy