TEHNOLOGIÝA

Aýnasyz «Nikon Z50» tanyşdyryldy

“Nikon” kompaniýasy her ýylda surat alýan enjamlaryň kämil görnüşini halk köpçüligine ýetirýär. Ynha, ýakynda satuwa çykjak “Nikon Z50” kompaniýanyň iň naýbaşy önümleriniň birine öwrülmegine garaşylýar. Çünki bu kameranyň beýlekilerden üýtgeşikligi hem aýnasyz bolmagyndadyr. Kameranyň linzalary 16 mm-den 50 mm-e deňdir. Kamerada “Wi-Fi” arkaly internete birikdirmek mümkinçiligi bardyr. Kamera “Wi-Fi”-yň üsti bilen suratlary, wideolary başgalara ugratmaga hem-de ýüklemäge ukyplydyr. Şeýle hem uzak aralygy dury, ýokary hilli fotosuratlary, wideolary almaga niýetlenendir. “Nikon” kompaniýasynyň müşderileri täze “Nikon Z50” fotoapparata sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Related posts

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy

Beýin derňewi üçin ýokary tizlikli mikroskop

Smartfon önümçiligini bes edýär

Ata Watan Eserleri