2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi her ýylyň 15–22-nji aprel aralygynda geçirilýän çäre bolup, jemgyýetçiligi syýahatçylyk barada habarly etmek, syýahatçylyk pudagynyň ykdysady, jemgyýetçilik we medeni ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen gurnalýar. Aşgabatdaky çäräniň guramaçylary – Türkiýäniň ilçihanasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi (TGA).
Çärä daşary ýurt diplomatik ilçihanalarynyň ilçileri, jemgyýetçilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu ýylky baýramçylykda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýetli boldy. Ol Aşgabatda geçirilýän “Turkmentravel-2026” halkara sergisi we maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelipdi.
Dabarada çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçi Ahmet Demirok Türkiýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ugry hökmünde özüne çekijiligini belledi: «Geografik ýerleşişi, tebigy gözelligi, özboluşly aşhanasy, ajaýyp howasy hem-de baý taryhy we medeni mirasy bilen Türkiýe dünýäniň iň möhüm syýahatçylyk ugurlarynyň biridir. Meniň owadan ýurdum Türkiýe ýylyň ähli dört paslynda dürli görnüşli dynç alyş mümkinçiliklerini hödürleýär».
Demirok syýahatçylygyň medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we dostluk köprülerini gurmakda möhüm rol oýnaýandygyny hem aýtdy. Şeýle hem bu pudagyň köp ýurtlar üçin, şol sanda Türkiýe üçin ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijisidigini nygtady.
«Şonuň üçin hem, aýratyn-da tomusky syýahatçylyk möwsüminiň başlanmagy bilen, Türkiýede dynç alýanlar we syýahatçylyk maksatly desgalary taýýarlyklaryny güýçlendirýärler. Şeýle hem, türkmen doganlarymyzyň Türkiýäni ileri tutulýan syýahatçylyk ugry hökmünde saýlaýandygyny görmek bizi begendirýär», — diýip diplomat aýtdy.
Soňra çykyş etmek üçin söz ministriň orunbasary Nadir Alparslana berildi. Ol Aşgabatda geçirilýän bu hepdeligi iki ýurduň arasynda berk medeni gatnaşyklarynyň anyk subutnamasy diýip atlandyrdy.
«Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary diňe diplomatik çäklerden has giňdir; olar “Bir millet, iki döwlet” ýörelgesine esaslanýan doganlyk baglaryna daýanýar. Biz Anadolydan Merkezi Aziýa çenli uzalyp gidýän bir siwilizasiýa derýasynyň şahalarydyrys», — diýip ol aýtdy.
Ol «Türkmenistanyň özboluşly taryhy mirasy we tebigy gözelligi Türkiýäniň güýçli dünýä syýahatçylyk brendi bilen birleşende, Ýüpek ýolunyň geçelgesi ýene-de dünýäniň iň özüne çekiji syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüler» – diýip belledi.
Çykyşynyň ahyrynda ol«Biziň maksadymyz — özara maýa goýumlaryny artdyrmak we döwlet hem hususy pudaklaryň bilelikdäki tagallalary arkaly ulag ulgamlaryny has netijeli ulanmakdyr. Birleşmek bilen diňe bir syýahatçylaryň sanyny däl, eýsem doganlygymyzyň abadançylygyny hem artdyrýarys» – diýip, belläp geçdi.
Resmi çykyşlardan soňra myhmanlar türk myhmansöýerliginiň däpleri esasynda dürli görnüşli däp bolan türk tagamlaryny dadyp gördüler.
