SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar başlaýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Bangkok – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýarç Bu barada awiakompaniýanyň “turkmenistanairlines.tm” saýtynda habar berilýär.

Bu barada hususan-da şeýle diýilýär:

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 22-nji dekabryndan başlap, hepde-de 2 ýygylyk bilen Aşgabat – Bangkok – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygy barada Size habar berýäris. Agzalan ugurlar boýunça awiabiletleri biziň resmi saýtymyzda, Türkmenistanyň çägindäki ähli satuw nokatlarynda we Taýland Patyşalygynyň satuw nokatlarynda alyp bilersiňiz.

Hormatlamak bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul, Kazan, Deli, Frankfurt, London ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýar.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Bangkoga uçar

Related posts

Türk howa ýollary: Ilkinji adaty uçar gatnawyny şu gün amala aşyrýar

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatynda hassahanalaryň durky täzelenen binalary açylyp ulanylmaga berildi

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri