JEMGYÝET

Kitap

Kändir kitap dürli-dürli,
Käsi ýüzleý, käsi syrly.
Käbir kitap okalmadan,
Bolup giden daşy kirli.

Kä kitabyň manysy zor,
Geler okasyň ony zol.
Emma käbir kitaplaryñ,
Rüstemdir özünden awtor.

Syn salsaň okyjy her hal,
Kitapda-da ýok däl ykbal.
Käsi okalmazam asla,
Käsi okalmadan sal-sal.

Ýatsa hiç okalman tozap,
Ýazylansoň çekip azap.
Beýle kitap içi göýä,
Harytsyz duran bir boş gap.

Emma şadessan “Görogly”,
Ajaýyp ykbala bagly.
Ol ýöne bir kitap dälde,
Öz halkynyň söwer ogly.

Bu eserde awtor eräp,
Şondan dessan galan döräp.
Eser zor gelip awtordan,
Awtorsyz başlapdyr ýöräp.

Her şahsy onuň awtory,
Awtor okyjylaň bary.
Şonuñ üçin bu kitaby,
Okyjy okamaň zary.

Ýazsaň yazgyl gowy eser,
Gowy kitaplar il gezer.
Bolup senden ýadygärlik,
Adamzadyň ruhun bezär.

Bayram Rahmanow
“ASMANYÑ ASTYNDA,ÝERIÑ ÜSTÜNDE” atly goşgular kitabyndan.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy