SPORT

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Marokko milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň duşuşygynda Şotlandiýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy. Oýun Foksboroda (ABŞ, Massaçuset ştaty) geçirildi.

Duşuşygyň 2-nji minutynda pökgüni Ismael Saýbari derwezä girizdi. Bu gol häzirki dünýä çempionatynda geçirilen iň çalt gol boldy.

Marokkonyň milli ýygyndysy 4 utuk toplap, “C” toparçasynda Braziliýanyň ýygyndysy bilen utugyny deňledi.

Ahyrky tapgyrda marokkolylar gaitililer bilen duşuşarlar, Braziliýanyň milli ýygyndysy bolsa Şotlandiýanyň ýygyndysy bilen oýnar.

Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşýan ýaryşy 19-njy iýulda tamamlanar. Onuň häzirki çempiony Argentina milli ýygyndysydyr.

Related posts

Horwatiýa – bürünç medalyň eýesi

Hytaýda tomusky Uniwersiada badalga alar

Ata Watan Eserleri

“FA Kubogynyň” finaly: “Liwerpul” – “Çelsi”

Ata Watan Eserleri