SPORT

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Gaiti milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitiren ilkinji ýygyndy boldy. “C” toparynyň ikinji tapgyrynyň duşuşygynda gaitililer Braziliýadan 0:3 hasabynda utuldylar we geçirilen iki oýundan soň hem utuksyz galýarlar. Şunlukda, Gaiti milli ýygyndysy toparlaýyn tapgyrdan soň ýaryşdan çykýar.

Ahyrky tapgyryň öňüsyrasynda Braziliýanyň we Marokkonyň hasabynda dört utuk, Şotlandiýanyň bolsa üç utugy bar. Gaiti soňky oýunda Marokkony utmagy başaryp, şotlandlar bilen utugyny deňlän ýagdaýynda hem, özara oýnuň netijesi boýunça olardan yza galar, bu bolsa onuň üçünji orna çykmak mümkinçiligini elden berýär.

Şeýlelikde, Gaiti 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykmak ugrundaky göreşden resmi taýdan çykan ilkinji milli ýygyndy boldy.

Related posts

Messi “Barselona” toparyndan gitdi

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýene-de ýeňildi