SPORT

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

ABŞ-nyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň duşuşygynda Awstraliýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Sietlde geçirildi.

Duşuşygyň 11-nji minutynda Awstraliýanyň goragçysy Kameron Berjess pökgüni öz derwezesine girizdi Amerikanyň ýygyndysynyň düzüminde bolsa Aleks Frimen (43-nji minut) tapawutlandy.

ABŞ-nyň milli ýygyndysy 6 utuk toplap, “D” toparynda 1-nji orny eýeleýär.

ABŞ-nyň ýygyndysy pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi we 1/16 finalyň ikinji gatnaşyjysy boldy. Mundan öň Meksikanyň milli ýygyndysynyň pleý-offa çykypdy.

Ahyrky tapgyrda amerikanlar türkiýeliler bilen duşuşarlar, Awstraliýanyň milli ýygyndysy bolsa Paragwaýyň ýygyndysy bilen oýnar.

Related posts

Jokowiç «Lacoste» bilen şertnamasyny täzeledi

Lionel Messi duşuşyga kamera bilen çykar

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy