JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi. Gadymy Änew topragynda bina edilen täze metjitde edilen bu asylly iş halkymyzyň ýagşy dessurlara ygrarlydygynyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, Seýit Jemaleddin metjidi 2024-nji ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda açyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenlerimizi hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, “Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý» diýýän halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralap, Seýit Jemaleddin metjidinde berilýän sadaka hem munuň bir mysalydyr.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.

Sadakadan soňra, hajy Arkadagymyz asman giňişliginde Aşyr aýynyň ilkinji günlerinde lowurdap dogan Aýy ýüzüne syldy we ýurdumyza abadançylyk, parahatçylyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg etdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda Watanymyz, halkymyz barada alada edýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bilen bilelikde agşam namazyny okady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar