JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna sapary bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.

Dabarada çykyş eden Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna sapary bolar. Onuň maksatnamasy möhüm ähmiýetli wakalara baýdygy bilen tapawutlanar diýip belledi.

Şeýle hem Özbek Lideri soňky ýyllarda özara söwdanyň möçberi birnäçe esse artdy we 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu gün ony 2 milliarda ýetirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde bu görkezijini 5 milliarda çenli ýetirmegi teklip edendigini belledi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Ata Watan Eserleri