BIZNES

Amerikanyň mekdeplerinde emeli intellekt sapaklary girizilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň gol çeken täze Permanyna laýyklykda, ýurduň mekdep okuwçylaryna emeli intellekt (AI) boýunça bilim berilmegini ösdürmek boýunça möhüm ädim ädildi.
Täze Permana laýyklykda, emeli intellekt häzirki zaman dünýäsinde innowasiýany öňe sürýän, önümçiligi ýokarlandyrýan we durmuşymyzy hem-de iş ýörelgelerimizi düýpgöter üýtgedýän möhüm tehnologiýalaryň biri hökmünde kesgitlenýär. ABŞ-da ýaş nesilleri bu tehnologiýany diňe bir ulanmak däl-de, eýsem döretmek ukyby bilen hem üpjün etmek zerur hasaplanýar.
Şunuň bilen baglylykda, emeli intellekt bilen baglanyşykly bilim ilkinji synplardan başlap, mekdeplerde ornaşdyrylmak göz öňünde tutuldy. Okuwçylara bu tehnologiýany irki döwürden başlap öwretmek arkaly olaryň pikirlenmek we döredijilik ukyby ösdüriler, şeýle hem geljekki  işewürlik dünýäsinde bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik döreder.
Permanda şeýle hem mugallymlaryň bu ugurdan taýýarlygy esasy orun alýar. Emeli intellekt tehnologiýasy bilen tanyş bolan, ony ulanyp bilýän we okuwçylara düşündirip bilýän mugallymlaryň taýýarlanmagy üçin ýörite hünär kämilleşdirme programmalary dörediler. Şeýle-de, döwlet bilen emeli intellekt tehnologiýasy bilen işleşýän pudaklar, akademiýa we hususy işewürligiň hyzmatdaşlygynda emeli aň bilim maksatnamalaryny ösdüriler.
Şeýle hem, resminamanyň çäklerinde “Ak Tamyň emeli intellekt boýunça bilim maksatly topary”  döredilýär. Bu toparyň düzüminde bilim, energetika, zähmet, oba hojalygy ýaly dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bolar. Topar emeli aň boýunça bilim strategiýasyny ýerine ýetirer we degişli edaralaryň hyzmatdaşlygyny utgaşdyrar.
Permanyň aýratyn bir bölegi hökmünde “Prezidentiň Emeli Intellekt Bäsleşigi” dörediler. Okuwçylar, mugallymlar we dürli ýaş toparlary üçin niýetlenen bu bäsleşikde emeli intellekt boýunça taslamalar hödürlener. Şeýle hem döwlet bilen hususy pudaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdiriler.
Netijede, ABŞ-nyň ähli raýatlaryna, şol sanda çagalaryna hem-de ömrüniň dowamynda täze bilimleri öwrenmek isleýänlere emeli aň tehnologiýasy boýunça mümkinçilikler dörediler.
Bu başlangyç arkaly ABŞ dünýäniň emeli intellekt ulgamynda öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolmagyny dowam etdirmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Amerikaly işewürler Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz satyn alýarlar

Aşgabat bilen Tähran söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen elektrik energiýasynyň eksportuna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygy artýar

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Ýewraziýa ulag geçelgesi: 6 ýurduň wekilleri Tähranda duşuşdylar