SPORT

Türkmen türgenleri Aşgabatdaky halkara ýaryşda 28 medal gazandy

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Ikinji günde guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular.

Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Türgenlerimiziň bu gazanan üstünligi ýurdumyzda sporty ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesidir.

Ýene-de okaň

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy