SPORT

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi

27-nji sentýabrda futbol boýunça Tütkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň ýarymfinalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Onda “Merw” – “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” – “Arkadag” toparlary duşuşdylar.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda futbol çempionatymyzyň ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary myhmançylykda “Altyn Asyr” toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Ahal” myhmançylykda “Merw” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Kubok bäsleşiginiň jogap oýunlary şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.

***

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinal duşuşyklary:

 “Merw” – “Ahal” – 1:1

Gollar: 77 Murat Ýakşiýew (“Merw”) – 90+5 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 36 Merdan Saparow, 38 Maksat Atagarryýew, 90+3 Mukam Nazzyýew (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 90+3 Muhammet Öwezmyradow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

***

 “Altyn Asyr” – “Arkadag” – 1:4

Gollar: 76 Söhbet Durdyýew (“Altyn Asyr”) – 18 Abdy Bäşimow, 87 Begmyrat Baýow, 90+1 (11 m.j.u.), 90+2 Didar Durdyýew (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 90 Döwletmuhammet Jallatow (“Altyn Asyr”) – 72 Ybraýym Mämmedow (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy