PEÝDALY MASLAHAT

ABŞ-da «Green Card» lotereýasyna arzalaryň kabul edilişi ýakyn günlerde başlap biler!

ABŞ-da 2027-nji ýyl üçin «Green Card» (DV-2027) lotereýasyna gatnaşmak isleýänler üçin möhüm habar gelip gowuşdy. ABŞ-nyň federal kazyýeti Döwlet departamentine lotereýa boýunça arzalaryň kabul edilişini başlamagy tabşyrdy.

2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Kaliforniýa ştatynyň Günorta etraby boýunça federal kazyýetde Red Eagle Law, L.C. v. Marco Rubio işi boýunça karar kabul edildi. Soňra taraplaryň bilelikdäki haýyşy esasynda degişli möhletlere üýtgetmeler girizildi.

Kazyýetiň kararyna laýyklykda:

  • 29-njy oktýabr: Arzalaryň kabul edilişiniň möhletleri resmi taýdan yglan edilmeli.
  • 1-nji noýabr: «Green Card» lotereýasyna arzalaryň kabul edilişi başlamaly.
  • 30 gün: Arzalaryň kabul edilişi azyndan 30 gün dowam etmeli.
  • 3-nji dekabr: Lotereýada saýlananlara netijeler barada habar berilmeli.

Şeýlelikde, kazyýetiň karary ýerine ýetirilen ýagdaýynda, «Green Card» lotereýasyna arzalaryň kabul edilişi ýakyn günlerde başlap biler.

Üns beriň! ABŞ-nyň Döwlet departamenti arzalaryň kabul edilişiniň başlanandygyny entek resmi taýdan tassyklamady. Şonuň üçin raýatlara diňe resmi çeşmeleri yzarlamak maslahat berilýär.

Resmi saýt: https://dvprogram.state.gov/

Ata Watan Media bu mesele boýunça täzelikleri okyjylaryna ýetirmegini dowam etdirer.

Goşmaça maglumat: «Green Card» bilen bagly resminamalaryňyzy terjime etdirmek üçin «Makul Hyzmat» terjime merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: makulhyzmat@gmail.com

Related posts

Ýüz ýogasy näme we nädip ýerine ýetirilýär?

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

Ata Watan Eserleri