DÜNÝÄ

Marko Rubionyň Özbegistanyň Samarkant şäherine sapary başlanýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapar edip, bu ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň resmi wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.

Ilki bilen Rubio amerikan kompaniýalarynyň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda Samarkanda barar. Döwlet sekretary ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş döwletini birleşdirýän «C5+1» platformasynyň çäklerinde Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.

Ministrler sebitdäki ykdysady özara baglanyşyklary, energetika howpsuzlygyny berkitmek we umumy sebit ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň bilelikdäki çözgütlerini ilerletmek boýunça pikir alyşarlar.

ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçihanasy Rubionyň bu ýurtlaryň ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirjekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Rubionyň Özbegistanyň häkimiýetleri bilen söwda gatnaşyklaryny, hususy pudaga maýa goýumlaryny höweslendirmek we Merkezi Aziýada ykdysady döwrebaplaşdyrma işlerini goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşýar.

Waşingtonyň pikirine görä, bu sapar ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, şeýle hem Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar.

Özbegistana saparyndan soň Rubio Hindistana ugrap, Mumbaý we Jamnagar şäherlerine barar. Döwlet sekretary ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, sebit we dünýä derejesindäki ösüşler barada pikir alyşmak, şeýle hem energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hindistanyň ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, Döwlet sekretary telekeçiler bilen täjirçilik maýa goýumlaryny we ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşar.

Bu sapar Rubionyň şu ýylyň dowamynda Hindistana amala aşyrýan ikinji resmi sapary bolar.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Sakura döwri ýakynlaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi