DÜNÝÄ

Türkiýäniň ilçisi Şener Jebeji Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Related posts

Meri Meý Saýmon: Türkmenistan bilen suw serişdelerini dolandyrmakda hyzmatdaşlyk edýäris

Sankt-Peterburgda «Türkmen alabaýy» Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy

vepa

Dünýäniň iň baý adamy täzelendi