Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary futbol boýunça Aziýanyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ikinji aýlawynda öz meýdançasynda Özbegistanyň «Neftçi» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Er-Riýad şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Anželo (33-nji minut) we Kristiano Ronaldo (42-nji minut) tapawutlandy. Bu gol Ronaldonyň professional futbol karýerasyndaky 981-nji goly boldy.
Portugaliýaly hüjümçi futbol taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy hasaplanýar. Utulan toparyň düzüminde Alişer Odilow (51-nji minut) tapawutlandy. Duşuşygyň 78-nji minutynda «Neftçi» toparynyň özbegistanly goragçysy Anwar Gafurow topy öz derwezesine girizdi.
65-nji minutdan başlap, myhmanlar özbegistanly ýarym goragçy Ikram Alibaýewiň meýdançadan çykarylmagy sebäpli duşuşygy bir oýunçy az bolup dowam etdirdiler.
«Al-Nasr» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň şu möwsümindäki ilkinji ýeňşini gazandy. Birinji aýlawda topar myhmançylykda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparyndan 0:4 hasabynda uly ýeňlişe sezewar bolupdy.
Saud Arabystanynyň häzirki çempiony ýaryşyň indiki duşuşygynda öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Wasl» toparyny kabul eder. Duşuşyk 26-njy oktýabrda geçiriler.
