DÜNÝÄ

GDA-nyň indiki sammiti 2027-nji ýylda Buharada geçiriler

Özbegistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) indiki sammiti 2027-nji ýylyň 8–9-njy oktýabrynda Buhara şäherinde geçiriler.

Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mälim etdi.

Mundan ozal Sergeý Lebedew GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2027-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmegiň Özbegistana geçýändigini habar beripdi.

Belläp geçsek, 2027-nji ýylda Azerbaýjan Özbegistan bilen bilelikde GDA-da başlyklyk eder, 2028-nji ýylda bolsa Arkalaşyga doly möçberde başlyklyk etmegi öz üstüne alar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy

ASEAN-yň Baş sekretary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň medeniýet ministri bilen duşuşdy