DÜNÝÄ

Sergeý Lawrow Türkmenistana geler

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji oktýabrda Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleri geňeşiniň (DIMG) mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingde habar berdi.

«Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen baglylykda, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow hem gatnaşar» diýip, diplomat belledi.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary şu ýylda Arkalaşygyň alyp baran işleriniň deslapky jemlerini jemlärler, GDA-nyň çäginde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem 2026-njy ýylda bellenilýän GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berler diýip, Zaharowa aýtdy.

«Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça medeni-ynsanperwer we hukuk goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem GDA-nyň çäginde daşary syýasy utgaşdyrmany ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar» diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili habar berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, çäreleriň çäklerinde ministrleriň 2027-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek köp derejeli geňeşmeleriň meýilnamasyny tassyklamagyna, şeýle hem GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesini we ýerini ylalaşmagyna garaşylýar.

«Adatça bolşy ýaly, tassyklanan resminamalaryň köpüsi soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna hödürlener. Bu geňeş 9-njy oktýabrda şol ýerde — Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşi bolsa 2026-njy ýylyň dekabrynda Moskwada geçiriler» diýip, Zaharowa sözüni jemledi.

Related posts

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Taryhda şu gün: 7-nji iýun

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar