Lala Şöhradowa – küşt boýunça Aziýanyň çempiony

Türkmen küştçüsi Lala Şöhradowa Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli ýaş gyzlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Bäsleşige Aziýa yklymynyň iň güýçli ýaş küştçi gyzlary — Hindistandan, Gazagystandan, Maldiw adalaryndan, Nepaldan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar.

Rapid ýaryşyna jemi 60 küştçi gatnaşdy. Türkmenistana dört türgen wekillik edýär: Jahan Rejepowa, Mähri Agamuradowa, Leýla Şöhradowa we Lala Şöhradowa.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa (reýtingi 2181) çalt küşt boýunça geçirilen ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy. Ýedinji tapgyryň netijesi boýunça ol mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, birinji orny eýeledi.

Ýaryşyň öňdeliginiň tertibi:

  1. Lala Şöhradowa (Türkmenistan) — 6 utuk

  2. Pratiti Bordoloi (Hindistan) — 6 utuk

  3. Prişita Gupta (Hindistan) — 5 utuk

Altyn medala barýan ýol aňsat düşmedi. Üçünji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy toparyndaky ildeşi, WFM Jahan Rejepowadan utulandan soň, Lala öz häsiýetini görkezip, ýokary derejeli oýun görkezmegi başardy. Ol galan tapgyrlaryň ählisinde ýeňiş gazanyp, birinji orna çykdy.

Related posts

Lala Şöhradowa – küşt boýunça Aziýanyň çempiony

Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasyna baryp gördi

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

19-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

18-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Döwletgeldi Ökdirow: öz ýoluny goýan bagşy

Ata Watan Eserleri

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy başlady

Ronaldo Özbegistana gelip biler

Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua Nýu-Ýorkda ringe çykar

Rodri «Mançester Sitiden» «Barselona» geçdi

Türkmenistan we Finlýandiýa sanly özgertme babatda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: meşhur ugurlar boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrar

Türkmenistan bilen Gazagystan elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ýola goýuldy

Türkmenistanyň ilçisi ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Eýranyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Yssy howa Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 6 milliard dollar zyýan ýetirip biler

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri «Barselona» geçdi

Awaza etrabyna täze häkim bellendi