SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy – ýaşlara ýörelge

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy ýatdan çykmajak taryhy-syýasy ähmiýetli buýsançly waka boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin hem, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar.

Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda beýan eden gymmatly pikirleri, çuňňur mazmunly öwüt-ündewleri we maslahatlary eziz Watanymyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde we depginli ösdürmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly geçen umumy sapagy bilim işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup, ýaş nesle mynasyp edep-terbiýe bermekde, hünärleri öwretmekde jogapkärli wezipeleri öňde goýýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Bilimler we talyp ýaşlar güni» hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen halkynyň Milli Liderimiziň öz çykyşynda watançylyk düşünjesine has köp orun bermegi, “Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Bu setirlerde ägirt uly many bar, ata Watanymyzyň beýik geljegine ynam bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz bellemegi, ýurdumyzda ýaşlaryň watansöýüjilik esasynda terbiýenlemegine has köp ähmiýet berilýändiginden söz açýar.

Gahryman Arkadagymyz daşary-ykdysady hyzmatdaşlygyň kabul edilen döwlet maksatnamalary we halkara strategiýalary esasynda alnyp barylýandygyny belledi. Olaryň esasysy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bolup durýar.

“Türkmenistan maýa goýum ulgamynda örän iri, abraýly maliýe guramalary we institutlary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagyna degişli kadalar boýunça netijeli işleri alyp barýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

“Türkmenistanyň halkara işiniň syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky gün tertibi bäş yklymy öz içine alýar. Biz dünýäniň 161 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýarys. Dürli ugurlar boýunça halkara guramalaryň 55-siniň işine gatnaşýarys. Abraýly we jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň sesi dünýä giňişliginde belentden ýaňlanýar” diýip, Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçmegi, ýurdumyzyň dünýäniň köp sanly döwleti tarapyndan hyzmatdaşlyk etmege uly gyzyklanma bildirilýän döwletleriniň biri bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

“Öňdebaryjy ylmy-tehniki sepgitlere çykmak üçin, Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Biz ýurdumyzy bilim, pikir alyşmak we startap döretmek merkezine, ýaşlary intellektual kooperasiýa üçin özüne çekýän bir mekana öwürmäge çalyşmaly” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek üçin hukuk we guramaçylyk şertlerini emele getirmegiň üstünde işlemegi teklip etdi.

“Goý, beýleki ýurtlaryň zehinli ýaşlary Türkmenistana gelsinler, türkmen ýaşlary bilen bilelikde öz döredijilik maksatlaryny durmuşa geçirsinler! Bu hemmeler üçin bähbitli bolar. Biz Türkmenistanda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýşynyň taryhy milli esaslaryny berkitmäge hemişe uly üns bereris. Şoňa görä-de, okuw sapagymyň indiki böleginde terbiýäni ösdürmek, türkmen halkynyň medeni ruhy mirasyny, onuň däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky garaýyşlarymy siz bilen paýlaşaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň belläp geçmegi, türkmen ýaşlarynyň döwrebap hem-de kämil bilim almagy ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň nobatdaky subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşary syýasatdaky ähmiýetine hem giň orun berdi. Bitaraplygyň parahatçylyk, dialog, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşygyny belläp geçdi. Şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasy, ynanyşmak dialogy we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna üns çekildi.

Okuw sapagynyň ykdysady bölüminde ulag, energetika we halkara söwda ugurlary boýunça Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Hazarüsti ulag geçelgeleri we «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy barada gürrüň edildi. TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda milli taryh we terbiýe meselesine-de aýratyn orun berdi. Ýaşlaryň öz taryhyny, milli köklerini we medeni mirasyny bilmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdi. Jeýtun, Änew, Marguş, Altyndepe, Horezm ýaly gadymy medeni merkezler barada gürrüň edildi. Şeýle-de türkmen halkynyň edep-terbiýe gymmatlyklarynyň maşgaladan başlanýandygy, ene-atanyň we mugallymyň bu ugurdaky jogapkärçiliginiň uludygy nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşy mugallymçylyk ussatlygynyň bilim işgärleri üçin görelde alarlyk ajaýyp nusgasy bolandygyny bellemek gerek. Umumy sapakdaky logiki yzygiderlilik iň ýokary ussatlykdyr. Türkmen edebi dilinde arassa beýan edilmegi bolsa ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem okuw sapagynyň şeýle ýokary ussatlyga, bilim öwretmegiň ýokary derejesine eýe bolandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndaky taryhy çykyşyny, onuň many-mazmunyny, usulyýet aýratynlyklaryny mugallymçylyk ussatlygynyň ýokary nusgasy hökmünde şu ugurdan bilim alýan we hünär öwrenýän talyp ýaşlara — geljekki mugallymlara mukaddes ýörelgedir.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olara hünärleri öwretmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýgül Annameredowa we Ýazgül Orazberdiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymlary. 

Related posts

Milli manat – ykdysadyýetiň daýanjy

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

Söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk