BILIM

“Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!

Mähriban ene-atalar, eziz çagalar we ýetginjekler!

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy sizi paýtagtymyzda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar.

Bu ajaýyp çäre 2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçiriler. Serginiň çäginde guramamyzyň ýörite stendi çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň gyzykly, özüne çekiji hem-de ekologiýa sowatlylygy artdyrjak esasy nokatlaryň birine öwrüler.

Biziň stendimizde çagalary “Eco Jenga”, “Save the planet springer”, “Eco-themed T-shirt activity”, “Eco sorting”, “Tangram” hem-de “Bu nämäniň ýapragy?” ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar. Şeýle hem galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, çagalar tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda dürli ösümlikleri ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup bilerler.

Wagtyňyzy peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli geçiriň! Sergide size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +(993 64) 26-84-32

TikTok: @yash_tebigatchy.jg

Instagram: @yashtebigatchy

Related posts

Türkmenistanly alymlaryň Indoneziýadaky üstünligi

Türkmenistanda tehnologiýa ugurly ilkinji ýöriteleşdirilen mekdep

Sanawdaky Dokuz Eylül Uniwersiteti : Amerika we Türkiýede attestat bilen okamak

Ata Watan Eserleri