2026-njy ýylyň 19–22-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň küşt maksatnamasyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iki grossmeýster, ýaşlaryň arasynda dünýä çempionlary — Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Aziýa Küşt federasiýasynyň wise-prezidenti Darmen Sadwakasow hem-de Türki Döwletleriň Küşt Assosiasiýasynyň (TKA) we Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, zenan grossmeýster Ilaha Kadymowa geler.
Myhmanlar ýurduň iň güýçli küştçüleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Ilaha Kadymowa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary üçin sapak geçirer, şeýle hem ýurduň ýaşlar ýygyndy topary üçin ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ussatlyk sapaklary serginiň giň gerimli küşt maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Maksatnamanyň esasy wakasy 19–20-nji awgustda rapid we blis boýunça geçiriljek halkara “Kids Expo Chess Cup 2026″ ýaryşy bolar. Ýaryşlardan başga-da, KIDS EXPO-nyň myhmanlaryna ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin festiwal çäreleri we işewürlik maksatnamasy garaşýar.
«Küşt adajygy»: ýarym sagatda küşt oýnamagy öwrenmek
Festiwal maksatnamasy «Küşt adajygy» atly birleşdirilen stendde ýaýbaňlandyrylar. Bu ýerde sergä gelýänler bary-ýogy ýarym sagadyň dowamynda küşt oýnamagy öwrenip, öz aralarynda oýnap ýa-da ussatlar bilen güýç synanyşyp bilerler.
Iň täsirli çäreleriň biri tagta seretmezden bir wagtda birnäçe küşt oýnuny geçirmek bolar: tejribeli küşt ussady tagta seretmezden myhmanlar bilen birnäçe döw oýnar. Şeýle hem myhmanlar üçin uly küşt figuralary ýerleşdirilen tematiki fotosurat zolagy we interaktiw çäreler — ussatlyk sapaklary, baýrakly Kahoot sowal-jogaplary hem-de bir wagtda birnäçe oýun geçirmek boýunça seanslar guralar.
Işewürlik maksatnamasy: küşt — mekdeplere
Serginiň çäklerinde 19-njy awgustda «Küşt, ýaşlar, bilim we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara tegelek stol geçiriler. Ol Ýakyn Gündogaryň, Merkezi we Günorta Aziýanyň 11 ýurdundan milli küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Esasy tema gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde küştüň mekdep okuw maksatnamalaryna girizilmegi bolar.
Maslahata Halkara mekdep küşt federasiýasynyň (HMKF) baş direktory Alina Dworetskaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem soňky iki ýylyň dowamynda Gazagystanyň 1500-den gowrak mekdebiniň okuw maksatnamasyna küştüň üstünlikli girizilmegine gönüden-göni jogapkär bolan Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Darmen Sadwakasow gatnaşar. Tegelek stol FIDE we HMKF tarapyndan yglan edilen Bilimde küşt ýyly — 2026 çäklerinde geçiriler.
«Küşt — islendik ýurtda çagalaryň düşünýän ähliumumy dili we pikirlenmäni ösdürmegiň iň netijeli gurallarynyň biridir. Aşgabatda geçiriljek ýaryş we beýleki çäreler tutuş sebit üçin möhüm ähmiýete eýedir: biz bir meýdançada küştüň mekdeplere nähili ornaşdyrylýandygyny ara alyp maslahatlaşýarys we muny iş ýüzünde görkezýäris. Munuň köp babatda Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ünsüniň netijesinde mümkin bolandygyny bellemek gerek. Olaryň goldawy bilen soňky ýyllarda ýurtda küşt aýratyn depginli ösýär. KIDS EXPO-nyň küşt maksatnamasynyň ýüzlerçe çagany we ene-atany bu oýun bilen tanyşdyrjakdygyna hem-de sebitde mekdep küştüni ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleriň başlangyjy boljakdygyna ynanýaryn», — diýip, Halkara mekdep küşt federasiýasynyň, Türki Döwletleriň Küşt Assosiasiýasynyň we Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Timur Turlow belledi.
Küşt çäreleriniň jikme-jik maksatnamasyny rus dilinde we türkmen dilinde göçürip alyp bolýar.
Guramaçylar we hyzmatdaşlar
Ýaryşyň guramaçylary we hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy (HMKF), Türki Döwletleriň Küşt Assosiasiýasy (TKA), Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň “Freedom Asian Chess Initiatives” (FACI) maksatnamasy, “Freedom” kompaniýalar topary, şeýle hem “TurkmenExpo” kompaniýasydyr.
KIDS EXPO 2026-nyň çäklerinde geçiriljek küşt festiwaly Türkmenistanyň çagalarynyň we ýaşlarynyň arasynda küştüň meşhurlygyny artdyrmak ugrunda möhüm ädim bolar hem-de halkara sport we bilim hyzmatdaşlygynyň giňelmegine ýardam eder.
