SPORT

Ispaniýa we Italiýa 1/8 finala adyny ýazdyrdy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “B” toparçasyndaky duşuşyklar hem tamamlandy. bu toparçada Ispaniýa ozaldan 1/8 finala çykmagy başarypdy. Ikinji bolup çykmak üçin Italiýanyň, Horwatiýanyň we Albaniýanyň hem mümkinçiligi bardy.

Ispaniýa bilen Albaniýa, Italiýa bilen Horwatiýa duşuşdy. Ispaniýa Albaniýany 1:0 hasabynda ýeňip, toparçadaky ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, 9 utuk jemledi.

Italiýa bilen Horwatiýanyň duşuşygy has gyzykly boldy. Duşuşygyň esasy gahrymany Horwatiýadan Luka Modriç boldy. Ol ilki bilen 11 metrlik jerime urgudan tapawutlanyp bilmedi. Soňra 55-nji minutda Modriç tapawutlandy.

Bu hasap Horwatiýany indiki tapgyra çykarýardy. Ýöne 90+8-nji minutda Italiýanyň düzüminde Zakkani tapawutlanyp, Italiýany 1/8 finala çykardy.

Horwatiýadan Luka Modriç 38 ýaşynda tapawutlanyp, Ýewropa çempionatlarynda gol geçiren iň ýaş uly futbolçy boldy.

 

Related posts

Türkmenistan dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” toparynyň ynamly ýeňişleri

Ronaldodan özboluşly täze rekord