SPORT

Ibragimowiç futbol ýoluny tamamlap biler

38 ýaşly Italiýanyň “Milan” toparynyň şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç tomusda öz futbol ýoluny tamamlar diýip, “La Gazzetta dello Sport” saýty habar berýär. Ibragimowiç “Milan” toparyna şu ýylyñ gyş paslynda geldi we 8 oýunda oýnap, 1 gezek ýardam pasyny we 3 gezek tapawutlanmagy başardy. “Milan” toparynyñ ýolbaşçylary Ibragimowiç bilen şertnamasyny dowam etdirmek isleýärler. Eger Ibragimowiç futbol ýoluny tamamlan halatynda tälimçilik bilen meşgullanmagynyň mümkindigi bellenilip geçilýär.

Related posts

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Türkmen türgenleri 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanyp başlanar

“Beşiktaş” Türkiýäniň kubogyny eýeledi