SPORT

Çempionlar ligasy: “Barselona” toparyna “Bawariýany” ýeňmek başartmaýar

UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalardaky 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklarda “Barselona” bilen “Bawariýanyň” hem-de “Liwerpul” bilen “Aýaksyň” duşuşyklary köpleriň ünsüni çekdi.

“Barselona” topary “Bawariýanyň” ýyldyz hüjümçisi Robert Lewandowskiniň satyn alsa-da, bu topary ýeňmek başartmady. “Barselona” topary “Bawariýa” toparyndan 5-nji gezek ýeňildi. Nemes topary öz meýdançasynda ispan ägirdini 2:0 hasabynda ýeňdi.

Angliýanyň çempionatynda şowsuz çykyş edýän “Liwerpul” topary üçin “Aýaks” topary bilen duşuşygy örän wajypdy. Duşuşykda iňlis topary ýeňlen halatynda, tälimçisi Ýurgen Kloppyň hem ykbalyna täsir etmegi mümkindi. Ýöne, “Liwerpul” topary Niderlandlaryň “Aýaks” toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ DUŞUŞYKLARYNYŇ NETIJELERI:

“Wiktoriýa Plzen” – “Inter”    0:2

“Bawariýa” – “Barselona”     2:0

“Liwerpul” – “Aýaks”            2:1

“Baýer” – “Atletiko Madrid”   2:0

“Porto”  – “Brýugge”            0:4

“Sporting” – “Tottenhem”    2:0

“Marsel” – “Aýntraht”         1:0

Related posts

Türkmenistan «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyna gatnaşar

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” ýeňiş bilen başlady

Kataryň nyşany bolan stadion açyldy