SPORT

Türkmen dzýudoçynyň Sofiýadaky üstünligi

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk Kubogynda bürünç medalyň eýesi boldy. Bu barada ýerli metbugatda habar berilýär. 

24 ýaşly türgen bu üstünligi 66 kilograma çenli agram derejesindäki garşydaşlarynyň arasynda gazandy. Ildeşimiz bürünç medal ugrundaky aýgytlaýjy tutluşykda Beýik Britaniýadan Çarli Ýangy ýeňdi. Ikinji bir bürünç medaly bolsa ermenistanly Artýom Galaçýan eýeledi.

Bu agram derejesindäki final tutluşygy ukrainaly Nikita Goloborodko bilen gazagystanly Gumar Kyrgyzbaýewiň arasynda geçirildi. Tutluşyk ukrainaly dzýudoçynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Hekim Agamämmedow bu ýaryşda medal gazanan ýeke-täk türkmenistanly türgendir. Ýeri gelende aýtsak, Ýewropanyň açyk Kubogyna 43 döwletden 396 türgen gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy