SPORT

TÝL ― 2023: «Arkadag» ― 10 pökgi geçiren ilkinji topar

4-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibiniň başyna geçen «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsüminde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy.
Bu üstünlige bary-ýogy üç duşuşykda ýeten topar şol duşuşyklarda derwezesinden bary-ýogy bir pökgi geçirtdi. Toparyň taryhyndaky ilkinji resmi duşuşygynda «Merwi» 2:1, soňra «Köpetdagy» we «Şagadamy» 4:0 hasaplarynda utandygyny ýatladýarys.
Indi 10 golluk sepgide iň ýakyn toparlar «Köpedag» bilen «Altyn asyrdyr». Bu toparlaryň her biri möwsümde 6 pökgüden geçirdi.
Şeýle hem Ýokary liganyň şu möwsüminde «Nebitçi» 5, «Merw» 4, «Aşgabat» bilen «Ahal» 3, «Şagadam» 2, «Energetik» bolsa bir pökgi geçirdi.

Related posts

Ronaldonyň ozalky tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer

Aşgabatdaky dünýä çempionatyna 60-70 ýurtdan türgenler gatnaşar

“Ashgabad Golf Cup 2023” halkara golf ýaryşy geçiriler

Leave a Comment