JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistan ŞHG bilen demirýol we awtoulag gatnawy ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýar

Donald Trump’dan Ramazan Bayramı Kutlaması

vepa

Türkiýede Ýaşaýan Türkmenistanyň Raýatlarynyň Dykgatyna!

Dr.Döwran Orazgylyjov

Leave a Comment