MEDENIÝET

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçirilýär

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, şeýle-de dostlukly ýurduň Daşary işler ministrliginiň hem-de Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrliginiň guramagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde guralýan indi filmleriniň festiwaly iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda köpri bolup hyzmat edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

14 — 16-njy awgust aralygynda geçirilýän festiwalyň çäginde uly ekranlarda görkezilýän kinofilmler bilen bir hatarda, «Aşgabat» kinoteatrynyň eýwanynda hindi kinosynyň baý taryhyna bagyşlanan ýörite sergi hem guraldy. Bu sergi 1913-nji ýylda döredilen ilkinji sessiz filmden başlap, kino sungatynyň «altyn asyry» hem-de häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrylan ajaýyp eserleriň kemala gelşi barada gysgadan täsirli maglumatlary özünde jemleýär. Ýeri gelende belläp geçsek, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyny şu ýylyň 20 — 24-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda geçirilen hindi filmleriniň festiwaly hem ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.

— Türkmenistanyň Hökümeti we Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýan hindi filmleriniň festiwalynyň dabaraly açylyşyna gatnaşýandygyma begenýärin. Üç günüň dowamynda tomaşaçylara dürli žanrlardaky çeper filmler hödürlener. Bu kinofestiwalyň esasy maksady Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekden hem-de halklaryň özara gatnaşyklaryny ilerletmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, 15-nji awgustda Hindistan Respublikasy özüniň Garaşsyzlyk gününiň 79 ýyllyk şanly toýuny belleýär. Tas 200 ýyllyk baknalykdan soň, 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Hindistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy dünýä taryhynda uly waka öwrüldi. Şu şanly senäniň hormatyna şeýle ähmiýetli çäräni guramakda berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Festiwalyň esasy bezegine öwrülen kinofilmler barada aýdylanda, çäräniň maksatnamasy paýtagtymyzyň myhmanlary we kinosöýüjiler üçin hakyky sowgatdyr. Üç günüň dowamynda hindi kinosynyň ussatlarynyň dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanan, baý many-mazmunly üç sany kino eseri tomaşaçylara hödürlener. Düýn festiwal 2016-njy ýylda ekranlara çykan, erkiň hem-de zähmetiň dabaralanmasy bolan «Dangal» atly ajaýyp kinofilm bilen açyldy. Režissýor Niteş Tiwariniň surata düşüren, baş keşbi meşhur Amir Hanyň janlandyran bu filmi durmuşdan alnan wakalara esaslanýar. Eser öz gyzlaryny tutanýerli zähmetiň we maşgala agzybirliginiň üsti bilen dünýä çempionlary edip ýetişdiren pälwan atanyň ömür ýoluny, zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň wajyplygyny hem-de watançylyk ruhuny çuňňur çeperçilik bilen açyp görkezýär.

Şu gün bolsa hindi kinosynyň altyn hazynasyna giren, hatda iň uzak wagtlap kinoteatrlarda görkezilen film hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan, nusgawy söýgi taryhy bolan «Ogurlanmadyk gelinlik» («Dilwale Dulhania Le Jayenge», 1995ý.) atly çeper film görkeziler. Ussat režissýor Aditýa Çopranyň bu eserinde baş keşpleri Şahruh Han bilen Kajol ýerine ýetirýär. Bu film hakyky päk söýginiň, ýaşuly nesle bolan hormatyň we hindi milli medeniýetiniň asylly däpleriniň ajaýyp utgaşmasy hökmünde tomaşaçylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri döreder.

Medeni çäre 16-njy awgustda «Öňe, Hindistan!» («Chak De! India», 2007ý.) atly kino bilen jemlener. Şimit Aminiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen, baş keşbi Şahruh Hanyň ýerine ýetiren bu filmi watançylyk, agzybirlik hem-de sportuň üsti bilen kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoly hakynda gürrüň berýär. Ol dürli welaýatlardan gelen zenanlardan sport toparyny döredip, olarda bitewülik ruhuny oýarýan tälimçiniň ykbaly baradadyr.

Related posts

«Daragt» atly türkmen kinosy Täjigistandaky halkara kinofestiwalyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

50 ýyldan soňra kitaby yzyna tabşyrdy

Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirildi