Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň futbolçylary UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Angliýanyň «Aston Willa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Awstriýada geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Hwiça Kwarasheliýa (20-nji minut) we Dezire Due (61-nji minut) tapawutlandy. Utulan toparyň ýeke-täk goluny Braýan Majo (45+1-nji minut) geçirdi. Due duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Majo Ýewropanyň klub ýaryşynyň aýgytlaýjy duşuşygynda gol geçirmegi başaran iň ýaş futbolçy boldy. Ol bu üstünligi 17 ýaşynda gazandy. Ozalky rekord Angliýanyň hüjümçisi Jimmi Griwze degişlidi. Ol 1958-nji ýyldaky final duşuşygynda 18 ýaşynda tapawutlanypdy.
Duşuşygyň baş emini somalili Omar Abdulkadir Artan boldy. Ol UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda eminlik eden Ýewropadan bolmadyk ilkinji emin boldy.
Frnasiýanyň “PSŽ” topary 2 ýyldan bäri Çempionlar ligasynyň çempiony bolup gelýär. Şeýle hem bassyr 2 ýyldan bäri UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.
Fransuz toparynyň ispan tälimçisi Luis Enrike bolsa, 6-njy Ýewropa kubogyny gazandy. Ol bu ugurda Pep Gwardiola hem-de Karlo ançelottiden yzda barýar.
