DÜNÝÄ

Türkmenistanyň BMG bilen özara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleleri maslahatlaşdylar.

Aýratyn üns öňde duran bilelikdäki çärelere we BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmäge berildi. Şeýle hem Hazar deňziniň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek we goramak boýunça bilelikdäki tagallalaryň wajyplygy bellenildi.

Related posts

BMW M8 gelýär, ýol beriň!

vepa

Türkiýäniň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gana Respublikasynyň Prezidentini gutlady