SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” topary “Goa” topary bilen duşuşar

12-nji awgustda, Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby öz meýdançasynda AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň deslapky tapgyrynyň çäginde Hindistanyň «Goa» klubyna garşy duşuşyk geçirer. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlanar.

Öňde boljak duşuşyk 2026/27-nji möwsüminde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň wekilçiligini kesgitlemek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Utulan topar bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyşyny dowam etdirer. Bu ýaryşda ýurdumyza geçen ýylky milli çempionatyň wise-çempiony «Ahal» hem wekilçilik eder.

Related posts

Älemdäki ilkinji ýyldyzlary görer

Ronaldodan özboluşly täze rekord

Portugaliýanyň çempionatynyň hüjümçisi “Arsenala” geçdi